Şamhani: Eýran Günorta Kawkaz sebitinde dowamly parahatçylygy ornaşdyrmak üçin hyzmatdaşlyga taýyn

Şamhani: Eýran Günorta Kawkaz sebitinde dowamly parahatçylygy ornaşdyrmak üçin hyzmatdaşlyga taýyn

Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary: Eýran Yslam Respublikasynyň Günorta Kawkaz sebitinde dowamly parahatçylygy ornaşdyrmak üçin mümkinçiliklerinden peýdalanmaga taýýardygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň wekili we Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Ali Şamhani penşenbe güni Ýerewanda Ermenistan Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Armen Grigorian bilen duşuşanda iki ýurduň arasyndaky çuňňur we köpden bäri dowam edip gelýän taryhy, medeni we siwilizasiýa gatnaşyklaryna ünsi çekip: Bu şertler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek we giňeltmek üçin amatly platforma üpjün etdi diýdi.

Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary, Eýranyň we Ermenistanyň iki halkynyň taryhyň dowamynda, sebit we halkara ýagdaýlarynda we tebigy betbagtçylyklarda bile bolandygyny aýtmak bilen şeýle geçmiş bilen, gatnaşyklarynyň giňelmegine hiç hili çäklendirmeler girizilmeli däldir diýdi.

Şamhani, Eýran bilen Ermenistanyň arasyndaky ykdysady alyş-çalyşlaryň göwrüminiň iki ýurduň arasynda alyş-çalyş edip boljak mümkinçiliklere proporsional däldigini aýtmak bilen bu mümkinçilikleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Ermenistan Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Armen Grigorian hem Eýranyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň Ermenistana eden saparyndan hoşaldygyny aýtdy we iki ýurduň arasyndaky äähli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we ösmegine ünsi çekdi.

Grigorian, Eýran bilen Ermenistanyň arasynda köpden bäri dowam edip gelýän gatnaşyklara salgylanyp iki ýurduň arasynda ykdysady we howpsuzlyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar, olary işjeňleşdirmek üçin goşmaça tagallalar gerekdyr diýip beýan etdi.

Ermenistan Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy Günorta Kawkaz ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginde we sebitiň howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm rol oýnaýar diýdi.

Grigorian, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy döretmekdäki işjeň roluna ýokary baha berdi we Eýran Yslam Respublikasynyň bu ugurdaky rolunyň dowam etmegini zerur we sebitde durnukly howpsuzlygy berkitmek hasaplady.

Ýene degişli makalalar

Ermenistanyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň Baş Sekretary Armen Grigorýan Eýranda Saparda Boldy
Ermenistan Rus Serhetçileriniň Işiniň Bes Edilmegi Hakynda Karar Kabul Etdi
Günorta Kawkazda parahatçylygy ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyga Eýranyň taýynlygy
Pelosiniň jedelli saparlarynyň dowamy
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken Aliýew we Paşinýan bilen duşuşyk geçirdi
Ermenistan Parahatçylyk ylalaşygy bilen bagly täze teklibini Azerbaýjana ugratdy
Eýran Zengezur Geçelgesini Milli Howpsuzlyga Abanýan Wehim Diýip Hasaplaýar