“Samsung” bilen “Mastercard” biometrik töleg kartyny döreder

“Samsung” bilen “Mastercard” biometrik töleg kartyny döreder

“Samsung Electronics” “Mastercard” kompaniýasy bilen dükanlarda pul amallaryny amala aşyrmak üçin barmak yz skanerli biometrik töleg kartyny döretmek boýunça ylalaşdylar.

“Samsung” kompaniýasynyň penşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatyna görä, kompaniýalar bu ugurda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekip, kartlarda “Samsung's System LSI Business” kompaniýasynyň täze howpsuzlyk çipini ulanmak barada karara geldiler.

“Bu strategiki hyzmatdaşlygyň üsti bilen kompaniýalar has çalt we ygtybarly töleg tejribesini hödürlemegi maksat edinýärler” diýip, “Samsung” kompaniýasynyň wekili beýanatda belledi. Şeýle-de barmak yzly skaner biometrik usulda tanamak ukyby üçin PIN kody girizmek zerurlygyny aradan aýyryp, howpsuzlygy ýokarlandyrýar we töleg terminallary bilen fiziki gatnaşygy azaldýar.

Bu täze biometrik kartlar islendik “Mastercard” töleg terminalynda ulanylyp bilner.

“Samsung” bu karty ilkibaşda Günorta Koreýada özüniň “Samsung Card” golçur kompaniýasynyň üsti bilen şu ýylyň ahyrynda hödürlemegi meýilleşdirýär. Bu täze kartlaryň ýola goýulmagy ilki bilen halkara amallary ýygy-ýygydan amala aşyrýan korporatiw kredit kartlary bilen başlanar.

Ýene degişli makalalar

Samsung aňyrsy görnüp duran microLED-ekran bilen tanyşdyrdy
“Samsung” aňrybaş täze telewizor çykardy
Ministr Kajyr Günorta Koreýada, Türkiýäniň Maýa Goýum Mümkinçiliklerini Tanyşdyrdy
Samsung Galaxy S21 tapgyrynyň täze smartfonlaryny hödürledi
“Samsung” özüniň täze arzan smartfony - “Galaxy A02”-ni tanyşdyrdy
Samsung arzan bahaly smartfonlarynyň tutuş tapgyryny çykarmaga taýynlanýar