Samsung III çärýekde arassa girdejisini 24% azaltdy

Samsung III çärýekde arassa girdejisini 24% azaltdy

Günorta Koreýanyň elektronika öndürijisi Samsung Electronics Co. çiplere we ýat kartlaryna bolan islegiň pese gaçmagy sebäpli 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde arassa girdejisini 23,6% azaltdy. Bu barada interfax.ru belleýär.

Kompaniýanyň metbugat relizinde habar berlişi ýaly, iýul sentýabr aýlarynda onuň arassa girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäki 12,29 trln wonadan 9,39 trln wona çenli ($6,7 mlrd) peseldi.

Operasion girdeji 215,82 trln wonadan 10,85 trln wona çenli azaldy. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýanyň geçen üç aýda girdejisi bir ýyl ozalky 73,98 trln wonadan 76,78 trln wona çenli ýokarlandy.

Kompaniýanyň ýarym geçirijileri öndüriji bölümçesiniň girdejisi 14% azalyp, 23,02 trln wona boldy, operasion girdeji 49% azalyp, 5,12 trln wona barabar boldy.Displeýleri çykarmak boýunça biznes çärýek girdejisini 6% ýokarlandyryp, 9,39 trln wona möçberinde girdeji aldy.

Bölümçäniň operasion girdejisi 1,98 trln wona deň.IT we ykjam aragatnaşyk bölümçesi 32,21 trln wona möçberinde girdeji aldy, bu bolsa geçen ýyldakydan 13% köpdür.Muňa garamazdan, operasion girdeji 3,6%, 3,24 trln wona çenli azaldy.

Soňky 12 aýda kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 24% peseldi.

Ýene degişli makalalar

Samsung aňyrsy görnüp duran microLED-ekran bilen tanyşdyrdy
“Samsung” aňrybaş täze telewizor çykardy
Ministr Kajyr Günorta Koreýada, Türkiýäniň Maýa Goýum Mümkinçiliklerini Tanyşdyrdy
Samsung Galaxy S21 tapgyrynyň täze smartfonlaryny hödürledi
“Samsung” özüniň täze arzan smartfony - “Galaxy A02”-ni tanyşdyrdy
Samsung arzan bahaly smartfonlarynyň tutuş tapgyryny çykarmaga taýynlanýar