Saneden soň Mane

Germaniýanyň çempionaty “Bundesliganyň” soňky 10 ýylynyň çempiony “Bawariýa” topary iňlis kluby “Liwerpulyň” senegally ýyldyzy Sadio Maneni düzümine goşdy.Münhenliler 30 ýaşly hüjümçi bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdylar.

Oýunçynyň transfer bahasy babatda-da klublar 32+9 million ýewro möçberinde bahada özara ylalaşyk gazandylar.Mane “Bawariýadan” ýyllyk 20 million ýewro möçberinde hak alar.Mane “Liwerpulda” 6 ýyl çykyş edip, arasynda Çempionlar Ligasynyň hem-de “Premier Liganyň” çempionlygy bolan jemi 6 kubok gazandy.

Ol “Liwerpulda” jemi 269 oýunda 120 gol geçirdi.Mane “Liwerpuldan” öň “Southemptonda”, ondan ozal “Red Bull Salsburgda” çykyş edipdi.Senegally ýyldyz 2011-nji ýylda “Metsde” futbola başlap, ol milli ýygyndysynda 91 duşuşykda 33 goly derwezä girizdi.

Mane “Bawariýanyň” şu tomusdaky 3-nji esasy transferidir. Ýeri gelende aýtsak, “Bawariýa” soňky gezek 2 ýyl mundan ozal “Premier Ligadan” Leroý Saneni transfer edipdi.

Ýene degişli makalalar

Ýyldyz oýunçy Ronaldonyň toparynyň düzümine goşuldy
Ýyldyz oýunçy 5 ýyldan soň ýygynda çagyryldy Germaniýanyň düzümi mälim boldy
“Çelsi” Kaisedodan soň ýene bir oýunçyny düzümine goşdy
“Real Madridiň” ýyldyzy Amerika transfer boldy
Angliýanyň “Premier Ligasy” “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda
“Liwerpul” içini sowatdy