Şarikli ruçka ilkinji patent alynýar

1888-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda şärikli ruçkanyň ilkinji nusgasyna patent alynýar.Häzirki wagtda ruçka diýlende, adatça, şarikli ruçka göz öňüňe gelýär. Üns beren bolsaňyz, ruçkanyň ujunda kiçijik topjagaz bolup, ol syýany birsydyrgyn akdyryp, çyzygy emele getirýär.

Bu bolsa syýany örän tygşytly sarp edip, arassa ýazmaga ýardam edýär. Şeýle ýazuw enjamynyň ilkinji nusgasyny amerikaly Jon Laud oýlap tapýar.Onuň oýlap tapan enjamynyň ujunda kiçijik polat topjagaz bolupdyr.

Soňra dürli ýyllarda ujy topjagazly ýazuw enjamlarynyň birnäçe görnüşi taýýarlanýar.

1943-nji ýylda wengriýaly Laslo Ýosef Biro hem-de onuň dogany Jorj Biro häzirkilere meňzeş ruçkany hödürleýär. Şol ýyl amerikaly oýlap tapyjy Milton Reýnolds ABŞ-da şarikli ruçka patent alyp, köpçülikleýin öndürip başlaýar. Şol wagtlar Nýu-Ýorkuň bir dükanynda bir günde 10 müň sany ruçka satylypdyr. 1958-nji ýylda fransiýaly Marsel Bik şarikli ruçkany has-da kämilleşdirip, BIC brendi bilen ruçkanyň häzirki ýaly görnüşleriniň satuwyny ýola goýýar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň uly 10 derbi duşuşygy
“Interiň” ýyldyzy karýerasyny “Marselde” dowam eder
“Interiň” ýyldyzy karýerasyny “Marselde” dowam eder
Ýeňlişsiz topar galmady
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Afinydaky dabaradan soň Olimpiýa alawy Fransiýa eltildi