Şarl Lekler Awstriýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

Şarl Lekler Awstriýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

“Ferrari” toparynyň sürüjisi Şarl Lekler “Formula-1” klasynyň awtoýaryşlary boýunça dünýä çempionatynyň nobatdaky tapgyry bolan Awstriýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy.

Ikinji orny “Red Bulldan” niderlandly Maks Werstappen, üçünji orny “Mersedesde” çykyş edýän britaniýaly Lýuis Hemilton eýeledi.

Şahsy hasapda 11 tapgyrdan soň 208 utuk gazanan Werstappen liderlik edýär, ikinji orunda Lekler (170) ýerleşýär, liderleriň üçlügini “Red Bulldan” meksikaly Serhio Peres (151) jemleýär.

Peres, şeýle-de geçenki tapgyryň ýeňijisi Karlos Saýns (“Ferrari”) we kanadaly Nikolas Latifi (“Williams”) ýaryşyň dowamynda distansiýadan çykyp, pellehana ýetip bilmedi.

“Formula-1” çempionatynyň indiki tapgyry Fransiýanyň Gran-prisi 22 24-nji iýulda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Werstappen Belgiýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
Red Bull-dan Peres Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen ýedinji
Formula-1 boýunça Belgiýanyň Gran-prisi Ferstappeniň ýeňşi bilen tamamlandy
Mersedes möwsümde ilkinji gezek dubl etdi
Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Werstappen Italiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy