Şasenem galasy

Şasenem galasy

2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy we şu Strategiýany tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi.Bu taryhy Kararda türkmen halkynyň milli medeni mirasyny, maddy we maddy däl döredijilik gymmatlyklaryň gadymy nusgalaryny we ugurlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýaýmagy işjeňleşdirmegiň ýörelgeleri giňden bellenildi.

Mähriban Watanymyzda adamzadyň watançylyk, ahlak talaplaryny we bähbitlerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen, durmuş-medeni, taryhy, arheologik, binagärçilik taýdan gymmatlyk bolup durýan, türkmen halkynyň milli-medeni özboluşlylygyny saklamak we ösdürmek üçin ähmiýetli bolan maddy we ruhy gymmatlyklaryň, çeperçilik sungat baýlyklarynyň ýüzlerçesi bar. Şolaryň biri hem Şasenem galasydyr.

Köpburçluk görnüşinde bina edilen gala Ruhubelent etrabynyň merkezinden 25 kilometr günorta-gündogarda, Tünüderýa geňeşliginiň çäginde ýerleşýär.Galanyň umumy meýdany 33 gektara barabar bolup, ony Ibn al-Esir, Ýakut Hamawy ýaly orta asyr alymlary özleriniň ýazgylarynda Beýik Ýüpek ýolunyň Köneürgenç menziliniň soňky nokady Suwburun hökmünde görkezipdirler.

Geçmişde galanyň töwereginden geçen derýanyň köne akymynyň yzlary saklanyp galypdyr.Bu günki galanyň diwarlarynyň uzynlygy 1,5 kilometre, beýikligi 9 metre ýetýän görnüşinde saklanyp galypdyr.Galanyň medeni gatlaklarynyň ilkinji döwürleri Kangýuý, Kuşanlar döwürleri bilen senelenýär.

Galada dürli ýyllarda S.P.Tolstow, H.Ýusubow, A.Ýazberdiýew, B.A.Rybakowa, M.Durdyýew, S.Atanyýazow, A.A.Hakimow, M.Mämmedow, O.Berdiýew, S.B.Bolelow, M.A.Itina ýaly alymlar gazuw-agtaryş işlerini geçiripdirler.

Galada 4 sany toplumyň hünärmentçilik, suwaryş desgalarynyň, baglaryň, gadymy ekerançylyk medeniýetiniň galyndylarynyň yzlary aýdyň saklanyp galypdyr.Galanyň gurluşygynda 5 dürli kerpiç önümleri ulanylypdyr. 1952-nji ýylda S.P.Tolstowyň ýolbaşçylygyndaky ylmy ekspedisiýa galany ilkinji gezek düýpli öwrenipdir. Şasenem galasy b.e. öňki III asyrdan biziň eýýamymyzyň XIV asyryna çenli aralykda has-da şöhratlanypdyr.

Asyrlaryň köp sanly synaglaryny başdan geçiren Şasenem galasy sebitde burran gylyçlary ýasamak, göwrüm, wagt, agyrlyk, uzynlyk ölçegleriniň çarwa hasaplary, atabegler mekdebiniň terbiýesi, aşhana esbaplaryny, gamyşdan ýüwüş galamlaryny, galbir, galkan, saz gurallaryny, dürli ululykdaky tamdyrlary, ojaklary, boýra (ösümliklerden düşek örmek), urulary, sandyklary, dürli süýümlerden işilip edilýän urganlary ýasamak, gelleban (dürli mallaryň sürülerini garyp bakmak bilen bagly çopançylyk hünäri), burgunlary böwetlemek, sarwançylyk, mergenlik amallarynyň, bagbançylyk, guşlary awçylyk maksatlary üçin eldekileşdirmek, zergärçilik, seçgiçilik, tebipçilik, goşuny wezipe birliklerinde dolandyrmak senedi boýunça önümçiligiň ýüze çykan, harytlaryň alyslara ugradylan merkezleriň biri hasap edilipdir.

Birnäçe ýyl mundan ozal Şasenem düzlüginde ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak, ýokary hasyl almak boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, ýer gorunyň möçberlerini giňeltmek maksady bilen, täze ilatly nokatlar, daýhan birleşikleri we geňeşlikler döredildi.

2017-nji ýylda Türkmenistanyň orta asyr arheologiýa we arhitektura ýadygärlikleriniň elektron kartasy tassyklandy. Onda iň ähmiýetli, taryhy miraslaryň sanawynda aýratyn gymmatly milli hazynalaryň naýbaşylarynyň biri hökmünde Şasenem galasy hem orun alýar.

Dädebaý PÄLWANOW,

Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.

Ýene degişli makalalar

Gadymy Amul galasynyň gymmatlyklary
Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Türkiýä bardy, Aşgabatda hünärmenler dünýä energetikasynda Türkmenistanyň orny barada pikir alyşdylar, Astrahan oblasty Türkmenistan bilen gämi gurluşygy pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge taýyn we beýleki habarlar
Türkmenistanda ählihalk bag etmek dabarasy geçirildi, Aşgabatda BAE-niň Baýdagynyň güni mynasybetli dabara geçirildi, türkmen boksçylary ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda 7 medal gazandylar we beýleki habarlar
Albaniýanyň ýygyndysy EURO 2024-e adyny ýazdyrdy
Şu gün Bakuwda SPEKA-nyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sammit öz işine başlaýar
Türkmenistanyň alymlary metan zyňyndy gazlarynyň möçberini azaltmak meselesiniň üstünde işleýärler, dekabr aýynda Türkmenistanda birnäçe medeni çäreler geçiriler, Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisi geçiriler we beýleki habarlar