“Saud Arabystanyny nyşana alan hüjümleri ýene-de bir gezek ýazgarýaryn”

“Saud Arabystanyny nyşana alan hüjümleri ýene-de bir gezek ýazgarýaryn”

Prezident Erdogan Saud Arabystanyna sapar guramadan ozal Stambul Atatürk howa menzilinde beýanat berdi.

Erdogan: "Saud Arabystanyny nyşana alyp uçarmansyz howa ulagy we raketalar bilen guralýan hüjümleri ýene-de bir gezek ýazgarýaryn. Saparymyzyň ikitaraplaýyn ynamyň we hormadyň esasynda has hem güýçlenmegini dileg edýärin" diýip belledi.

Erdogan: "Saparym iki doganlyk ýurt hökmünde täze hyzmatdaşlyk döwrüni başlatmak ugrundaky umumy ygtyýarymyzyň ýüze çykmasydyr. Saparym mynasybetli Türkiýe-Saud Arabystany gatnaşyklaryny ählitaraplaýyn gözden geçireris" diýip habar berdi.

Prezident Erdogan saparynyň çäginde mundan başgada sebitleýin hadysalaryň gün tertipde boljakdygyny mälim etdi.

Çykyşynda Türkiýede düýn amala aşyrylan ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky zamun çalşygynyň hem üstünde durup geçen Erdogan: "Sebitde parahatçylygyň höküm sürmegini dileg edýäris.BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş gepleşikleri barada maňa maglumat berdi.

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin hem şol bir pikirleri beýan etdi, BMG-nyň işe girişmeginiň oňyn hadysadygyny aýtdy.Putiniň jaň etmeginiň sebäbi ruslaryň ABŞ-daky bir raýatlarynyň zamun alynmagy. Şol bir ýagdaýda ABŞ-nyň hem Russiýada bir raýatlarynyň zamun alynmagy.

Biz MHG bilen bilelikde işe girişdik.Putin hem öz gezeginde minnetdarlyk bildirdi.Mundan soň hem aragatnaşyk içinde bolalyň we şol tapgyry oňyn ýagdaýda netijelendireliň diýip aýtdy Putin" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Dünýä ýurtlary Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarlar
Russiýada guralan terrorçylykly hüjüm ýazgarylýar
Prezident Erdogan 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi
Prezident Erdogan Germaniýaly Kärdeşi Ştaýnmaýer Bilen Duşuşyk Geçirdi
Prezident Erdogan Çagalary Kabul Etdi
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny doglan güni bilen gutlady