Şawkat Mirziýoýewden Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk haty geldi

Şawkat Mirziýoýewden Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk haty geldi

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk haty gelip gowuşdy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, özbek Lideriniň ýollan hatynda, hususan-da, şeýle diýilýär:

— Onuň Alyhezreti, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gadyrly doganym!

Türkmenistanyň myhmansöýer we ajaýyp topragyna çakylygyňyz, şeýle hem maňa we Özbegistanyň wekiliýetine bildirilen ýokary hormat-sarpa we ýürekden kabul edilendigimiz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Siziň bilen ýene-de bir gezek duşuşmak we dostlukly söhbetdeşligi geçirmek, şeýle hem ikitaraplaýyn, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini içgin ara alyp maslahatlaşmak mende uly kanagatlanma döretdi.

Ajaýyp döwlet we syýasy işgär hökmünde Siziň parasatly pikirleriňiz we maslahatlaryňyz, şeýle hem biziň ähli başlangyçlarymyzy yzygiderli goldamagyňyz örän gymmatlydyr.

Ajaýyp Aşgabatda Siziň bilen peýdaly söhbetdeşligimiz biziň dost-doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky köpugurly we uzakmöhletli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi şübhesizdir.

Şunuň bilen baglylykda, Siziň oýlanyşykly we giň gerimli özgertmeleriňiz netijesinde, Türkmenistanyň ähli ulgamlarda uly üstünlikleri gazanýandygyny, ýurduňyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň barha belende galýandygyny aýratyn nygtamak isleýärin.

Biziň doganlyk ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan özara bähbitli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine hemişe üns berýändigiňize we bahasyna ýetip bolmajak goşandyňyza uly sarpa goýýaryn.

Saparymyzyň dowamynda biz Siziň Bitarap Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça başyny başlan strategik ýoluňyzyň hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigine ýene-de bir gezek göz ýetirdik.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasyndaky özara hormat goýmak we ynanyşmak ruhundaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga soňky ýyllarda goşýan aýratyn goşandyňyzy bellemek isleýärin. Bularyň ählisi biziň işjeň syýasy dialoglarymyzy hem-de sebitde Konsultatiw duşuşyklaryň gurallaryny yzygiderli goldamak baradaky uly tagallalaryňyzda aýdyň beýanyny tapýar.

Siziň başlangyjyňyz bilen, ilkinji gezek geçirilen Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn Sammitiniň biziň döwletara hyzmatdaşlygymyzyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynanýaryn.

Türkmen topragynda geçirilen gepleşiklerimiziň dowamynda biz sebit suw serişdelerinden bilelikde we rejeli ulanmak, energetika ulgamynda umumy geljegimizi kesgitlemek, ulag-üstaşyr kuwwatymyzy giňeltmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden doly peýdalanmak meselelerini içgin ara alyp maslahatlaşdyk.

Biziň bilermenlerimiziň we hünärmenlerimiziň gazanan ylalaşyklarymyzy iş ýüzünde doly durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamaga girişendiklerini aýratyn bellemek gerek.

Sammitiň netijeleri boýunça kabul edilen, doganlyk halklarymyzyň köpasyrlyk dostlugyny pugtalandyrmaga gönükdirilen hem-de biziň umumy meýillerimizi beýan edýän Bilelikdäki Beýannama ýurtlarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň ýolunda möhüm taryhy waka boldy.

Gadyrly doganym! Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk, uzak ömür hem-de Siziň asylly işiňizde täze üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda bäş resminama gol çekiler
Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleri Duşenbe duşuşygy barada pikir alyşdylar
Merkezi Aziýa ýurtlary daşky gurşaw we durnukly ösüş meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirer
В Душанбе состоялась встреча глав МИД Туркменистана и Таджикистана
Serdar Berdimuhamedow 14 — 15-nji sentýabr günleri Täjigistanda saparda bolar
Azerbaýjanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşýar