Şazada Garri bilen Megan Marklyň gyzy dünýä indi

Şazada Garri bilen Megan Marklyň gyzy dünýä indi

Şazada Garri we onuň ýanýoldaşy Megan Markl ikinji gezek ene-ata boldular. Olaryň esaslandyran Archewell jemgyýetçilik guramasynyň saýtynda ýazylyşy ýaly, gyzjagaza Lilibet Diana diýip at goýdular. Bu barada TASS agentligi habar berýär.

Tagt mirasdüşerleriniň arasynda 8-nji orun alan gyzjagaz Garri bilen Meganyň bir ýyldan gowrak wagt bäri ýaşaýan ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Santa-Barbara şäherindäki hassahanada doguldy.Habarda aýdylyşy ýaly, täze doglan bäbejik 3,5 kilogram agramda doguldy.

Ejesi hem, gyzjagaz hem özüni oňat duýýarlar we olar eýýäm öýlerine geldiler.Täze doglan bäbejige Beýik Britaniýanyň Şa aýaly Ýelizaweta II-niň hormatyna — Lilibet (onuň ady maşgala agzalarynyň arasynda Lilibet diýip tutulýar), şazada Garriniň ejesi şa gyzy Diananyň (1961-1997) hormatyna bolsa — Diana diýip at goýdular. Şunlukda, Ýelizaweta II-niň ikinji ogly, Ýork şäheriniň gersogy Endrýu tagt mirasdüşerleriniň sanawynda 9-njy orna süýşdi. Şazada Garri we Megan Markl gyzjagazlarynyň dünýä inmegi bilen bagly şatlykly pursatlarda goldaw berenleriň ählisine minnetdarlyk bildirip, şu waka mynasybetli nähilidir bir sowgat etmek isleýän adamlaryň hususy däl guramalara haýyr-sahawat etseler has gowy boljakdygyny aýtdylar.

Bu ýerde gürrüň Girls Inc., Harvest Home и Myna Mahila Foundation ýaly zenanlaryň hukuklary boýunça iş alyp barýan guramalar barada barýar.Lilibet Diana şazada Garri bilen Megan Marklyň ikinji perzendidir.

Olaryň 2019-njy ýylyň 6-njy maýynda doglan Arçi atly ogly hem bar.Täze bäbejigiň dünýä inmegi mynasybetli, 11-nji gezek garry ene bolýan Ýelizaweta II we şa maşgalasynyň beýleki agzalary gutlaglaryny iberdiler.

Ýene degişli makalalar

Şazada Garriniň ýaşaýan şäherini sil basdy
“Financial Times”: 2022-nji ýylyň iň täsirli zenanlary
Ýelizaweta II 12-nji gezek garry ene boldy
Gündogar - inçe syrlarynyň dünýäsi atly dabaraly konserti
Türkiyäniň Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletlere eksporty artdy
Amerikaly Mega Millions-dan 1,13 milliard dollar utdy
29-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal