ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATYNDA BAGTYÝARLYK BAHARYNYŇ WASPY

ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATYNDA BAGTYÝARLYK BAHARYNYŇ WASPY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň netijesinde diňe bir syýasy ulgamda däl-de eýsem döredijilik äleminde hem uly ýokary gidişlikleri gazanýar.

Munuň aýdyň mysaly hökmünde “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda özüniň mylaýym şemaly bilen öwsüp gelen bahar paslynyň ilkinji günlerinde ýagny mart aýynyň 1-2-ine “Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly halkara maslahaty we sergisi uly dabara bilen geçirildi.

Sungatyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda şeýle iri sergilere gatnaşmaga uly mümkinçilikler döredilýär.Sungatymyzdaky şeýle buýsandyryjy wakalaryň dabaralanmagy her bir sungat işgärini döredijilik ruhunda has-da ruhlanyp, täze-täze ajaýyp sungat eserleriniň döremegine iterýär.

Sergide Türkmenistanyň ähli welaýatlardan halypa suratkeşler, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ussat mugallymlary we talyplary, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we talyplary, Aşgabat şäherindäki Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi we Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi ajaýyp işleri bilen gatnaşdylar.

Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan Watanymyzyň şanly ösüşlerini, özgerişlerini, döredijilik eserlerinde wasp etmekde ýurdumyzyň sungat işgärleri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyp ýaşlar we mugallymlar özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmakda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar.

Ajaýyp eserleri bilen türkmeniň geçmişini, şu gününi şekillendirýärler. “Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly sergide Türkmenistanyň tanymal suratkeşleri, halypa heýkeltaraşlary, amaly-haşam sungatyna degişli ussatlaryň baý many-mazmuna ýugrulan eserlerini görmek bolýar.

Sergide halypa mugallymlar özleriniň halypa şagirtlik ýörelgesine eýerip talyp ýaşlara döredijiligiň inçe syrlaryny açyp görkezdiler hem-de serginiň dowamynda talyplar döredijiligiň ähli ugurlary boýunça görkezme sapaklary geçirip özleriniň hünärleri bilen gelen myhmanlary tanyşdyrdylar.

Sungat äleminiň gözelliklerini açyp görkezmekde biz talyp ýaşlara döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz sag bolsun aýdýarys.Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, alyp barýan il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Gülşat ANNASEÝIDOWA

Ýene degişli makalalar

Sungat ussatlary Balkan welaýatynda çykyş ederler
Haly çitimleriniň kämil owazy
Gymmaty egsilmejek kitap
Magtymguly, waspyň dillerde dessan
Ekoişjeňler Luwrdaky Mona Lizanyň portretine çorba dökdüler
Sungat işgärleriniň hormatly atlary we rus aýdymçysynyň Aşgabatdan alan sylagy
Sungat işgärleriniň hormatly atlary we rus aýdymçysynyň Aşgabatdan alan sylagy