Sekiz müňden az adam ýaşaýan Jebelde Halkara howa menziliniň gurluşygyna başlandy

Sekiz müňden az adam ýaşaýan Jebelde Halkara howa menziliniň gurluşygyna başlandy

Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň gurluşygyna başlandy diýip “Türkmenistan:altyn asyr” habar berýär.

275 gektarlyk meýdanda ýolagçy we ýük terminallary, dispetçer nokady,halas ediş we ýangyna garşy gullugyň binasy,ýörite awtoulag serişdesi, 5 uçara we 4 dikuçara niýetlenen 3200 metrlik uçuş-gonuş ýoly, perron gurlar diýip neşir ýazýar.

Uçar menzili sagatda 100 ýolagça çenli hyzmat edip biler.

Şol bir wagtda howa menziliniň gurluşygyna öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2021-nji ýylyň iýulynda başlanypdy.

Taslama şu ýylyň iýulynda kiçi Berdimuhamedowyň buýrugy bilen hususy “Gündogdy” şirketine berilipdi.

“3B-niň” maglumatlaryna görä,bu şirket mundan owal Türkmenabatdaky howa menziliniň gurluşygyna işjeň gatnaşypdy we Kerki howa menzilini noldan’ gurupdy.

Jebeldäki howa menziliniň gurluşygyny 2024-nji ýylyň dekabrynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Howa menziliniň gurluşygy üçin 75 milýon dollarlyk karzy Türkmenistan Abu Dabi Gaznasyndan aldy. Gazna bilen karz ylalaşygyna 15 ýyla çenli 3 ýyllyk ýeňillikli möhlet bilen 4 göterime Daşaryykdysady banky gol goýdy.

Şäher tipli şäherçe Jebele nämüçin halkara howa menziliniň zerurdygy barada häkimiýetler we döwlet KHS-ri düşündiriş bermän, ulag-geçiş düýp gurluşlaryny ösdürmek ýaly umumy sözler bilen çäklenýärler.

1989-njy ýyldaky (has möhüm sanlary Türkmenistanyň döwlet statistika topary çap etmeýär) maglumatlara görä, Jebelde 7697 müň adam ýaşaýar.The post Sekiz müňden az adam ýaşaýan Jebelde Halkara howa menziliniň gurluşygyna başlandy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabat halkara howa menziliniň ýangyç beketleri heniz hem doly işe girizilmedi
Türkmen kärhanasy Jebeldäki Halkara aeroportuň gurluşygyny alyp barýar
Jebel şäherçesindäki Halkara howa menziliniň gurluşygyna başlanýar
Jebeliň täze howa menziliniň gurluşygy Gündogdy hususy kärhanasyna ynanyldy
Ozal bitiren işleri sorag astynda galýan hususy kärhana täze aeroport ynanyldy
Ozal bitiren işleri sorag astynda galýan hususy kärhana täze aeroport ynanyldy