Senegal 20 ýyldan soň 1/8 finalda

Katar 2022-de 3-nji aýlawyň duşuşyklaryna badalga berlip, 1/8 finalyň 2 duşuşygynyň garşydaşlary belli boldy. “A” toparçada Niderlandlaryň ýygyndysy ýer eýeleri Katary 2-0 hasabynda ýeňdi.

Niderlandlara ýeňiş getiren gollary 26-njy minutda Kodi Gakpo bilen 49-njy minutda Frenki de Ýong geçirdi.Bu ýeňişden soň Niderlandlar toparçada 1-nji orny eýeledi.Olar 9-njy gezek toparçadan çykmagy başardy. 11-nji gezek gatnaşýan Niderlandlaryň çykyş eden ilkinji 2 çempionatynda toparçalaýyn tapgyr ýokdy. Şunlukda, olar gatnaşan ähli ýaryşynda 1-nji toparçalaýyn tapgyrdan çykmagy başaran ilkinji ýygyndy hökmünde hasaba alyndy.

Toparçadaky beýleki oýunda bolsa çempionata şowly başlan Ekwador Afrika wekili Senegaldan 2-1 asgyn gelip, ýaryşdan çykdy. 44-nji minutda Ismail Sarryň penaltiden geçiren goly esasynda 1-0 öňe saýlanan Senegala 67-nji minutda Ekwador Kaisedonyň goly bilen jogap berdi.

Bu hasap ekwadorlylaryň 1/8 finala çykmagy üçin ýeterlikdi. Ýöne 70-nji minutda Senegalyň kapitany Kulibali toparyny öňe geçirdi we bu duşuşykdaky soňky gol boldy. Şeýlelikde, Senegalyň ýygyndysy 3-nji gezek gatnaşýan ýaryşynda 2002-nji ýyldan soň 2-nbji gezek 1/8 finala adyny ýazdyrdy.

Ekwadoryň ýygyndysy bolsa agza-burna gelen 1/8 finala çykmak mümkinçiligini elden giderdi.

Ýene degişli makalalar

DÇ-2022: Senegal Ekwadory ýeňip, 1/8 finala çykdy
Eýran ABŞ, Ekwador Senegal: haýsy toparlara näçe utuk, nähili netije gerekli? (3-nji aýlawyň ilkinji duşuşyklary)
Wan Gaal Niderlandlaryň düzümini äşgär etdi
Bawariýa de Ýong gerekmi? Žurnalistleriň pikiri gapma-garşy
Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!
Frenki de Ýog: Mende hiç hili täzelik ýok