Bawariýa de Ýong gerekmi? Žurnalistleriň pikiri gapma-garşy

Bawariýa de Ýong gerekmi? Žurnalistleriň pikiri gapma-garşy

Bawariýa Barselonanyň ýarym goragçysy Frenki de Ýong üçin göreşe goşulmaga taýýar.

Žurnalist Žerar Romeronyň sözlerine görä, Mýunhen şäherine wekilçilik edýän klub 25 ýaşly futbolçyny Filippe Koutinýony alyşy ýaly almagy teklip edýär. 2019-njy ýylda Bawariýa häzir Aston Willada futbol oýnaýan braziliýaly ýarym goragçyny 8,5 million ýewro baha bilen Barselonadan kärendesine alypdy. Koutinýo Mýunhende bir möwsüm geçirip, yzyna dolanypdy.

Başga bir kärdeşimiz Florian Plettenberg bolsa de Ýonguň Bawariýanyň meýilleriniň arasynda ýokdugyny ýazýar. Topar bu möwsümde Ýozua Kimmih bilen täze transfer Raýan Grawenberhe daýanar.

Barselona bolsa de Ýonguň şu möwsümdäki hakyny töläp biljek kluby gözleýär.

Ýene degişli makalalar

Wan Gaal Niderlandlaryň düzümini äşgär etdi
Niderlandlaryň düzümi mälim edildi, Wan Deýk çagyrylmady
Barselona Raýo Walýekanony ýeňip, Ispaniýanyň Kubogynyň 1/4 finalyna çykdy
FIFA/FIFPro boýunça ýylyň simwoliki toparyna girmäge dalaşgär oýunçylar yglan edildi
Ýewropanyň iň gymmat futbolçylarynyň reýtingi düzüldi
Kuman Messi we de Ýongy sanawa almady