Şengen wizasy sanlylaşar

Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşi Şengen wizasynyň sanlylaşdyrylmagy üçin taýýarlanan täze kanunlary kabul etdi.Täze düzgün güýje girenden soňra, pasportlara ýelmenýän wizalar sanlylaşdyrylar we iki ölçegli barkod arkaly internetiň üsti bilen berler.

Wiza mobil enjamlara ýüklenip alnar.Diňe ilkinji gezek ýüz tutýanlar, täze pasport alanlar Şengen ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalaryna özleri baryp ýüz tutmaly bolarlar.Täze düzgün metbugatda çap edilenden we degişli tehniki işler tamamlanandan soňra güýje girer. Şeýle hem internet arkaly wiza almak üçin birnäçe dilde ýüz tutup bilner.

Şu ýylyň ýanwaryndan başlap Horwatiýa Şengen zolagyna girizilipdi. Şeýlelikde, bu ýurtlaryň sany 27-ä ýetipdi. Bu ýurtlaryň özara serhetlerinde raýatlaryň geçişlerinde pasport we beýleki serhet gözegçiligi amala aşyrylmaýar.

Bahar AÝDOGDYÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Bilet gytçylygynyň arasynda türkmen raýatlary Russiýa Özbegistanyň üsti bilen aşýarlar
Lebapda gazanç üçin Demirgazyk Kipra gidýän köpeldi
Norwegiýada Isanyň ýüzi şekillendirilen şaýy pul tapyldy
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
“Adalarda Türk Syýahatçylary Üçin Mart Aýynda Wiza Ýeňilligi Başlar”
Türkiýe wizalary: Ýaş gyzlaryň we ýaş çagaly eneleriň wiza ýüz tutmalary has köp ret edilip başlandy