Türkmen gelip çykyşly eýranly futbolçy, Sankt-Peterburgyň Zenit klubynyň hüjümçisi Serdar Azmun tomusda çykyş edýän klubyny üýtgeder. Ol Lewerkuzeniň Baýeri bilen şertnama baglanyşar. Şertnama 2027-nji ýyla çenli niýetlenilýär. Bu barada Bundesliganyň kluby resmi saýtynda yglan etdi.
Hüjümçi nemes klubyna erkin agent görnüşinde geçer. 27 ýaşly Azmun 2019-njy ýylyň fewralyndan bäri çykyş edip gelýän kluby bilen şertnamasynyň möhletini uzaltmazlyk kararyna geldi.
Azmunyň özi Germaniýanyň çempionatynda çykyş etmekden aýratyn tolgunmany başdan geçirýändigini belledi. Russiýada Azmun Rubin, Rostow we Zenit klublarynda çykyş etdi. Ol türkmen tälimçisi Gurban Berdiýewiň iň gowy şägirtleriniň biri. Eýranyň milli ýygyndysynyň düzüminde ol 60 oýunda 39 gol geçirdi. Gollarynyň sany boýunça ol milli ýygyndysynyň taryhynda üçünji orny eýeleýär.
