Serdar Azmun Russiýa garşy oýnamaz

Serdar Azmun Russiýa garşy oýnamaz

Eýranly türkmen asylly hüjümçi Serdar Azmun ýurduň milli ýygyndysynyň Russiýanyň ýygyndysy bilen boljak oýnuna gatnaşmaz. Bu barada Eýranyň milli ýygyndysynyň metbugat gullugy habar berýär.

Serdar Azmun Eýranyň milli ýygyndysynyň mart aýyndaky ýygnanyşygyna gatnaşmaz. Şeýlelikde, hüjümçi Russiýanyň milli ýygyndysyna garşy geçiriljek ýoldaşlyk duşuşygynda oýnamaz.

Munuň sebäbi futbolçynyň şahsy durmuşy bilen bagly. Şonuň üçin hem biz bu barada başga maglumat berip bilmeris diýip, Eýranyň milli ýygyndysynyň metbugat gullugy habarynda beýan edilýär.

Ýeri gelende bellesek, Eýranyň milli ýygyndysy 23-nji martda Russiýa bilen, 28-nji martda bolsa Keniýa bilen ýoldaşlyk oýunlaryny geçirer. Serdar Azmun bu oýunlaryň ikisine hem gatnaşmaz.

Ýene degişli makalalar

Azmun Baýeriň düzüminde bassyr ikinji oýunda gol urdy
Aşgabatda türkmen-tatar işewürlik maslahaty geçiriler, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 15 ýyllygyny bellär, Daşoguzda 7 sany köpgatly ýaşaýyş jaýy gurlar we beýleki habarlar
Baýer öz öýünde Palasiosyň dubly bilen Bawariýany ýeňdi
Dohada Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy, Çoganlyda täze medeni-dynç alyş seýilgähi peýda bolar, Mejlis hakynda Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň täze parlamenti 6-njy aprelde işe girişer, Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi geçiriler we beýleki habarlar
Baýer ýene-de ýeňdi, Azmun ýene-de gol urdy