Futbol klublary “Zenit” we “Baýer” Eýranly etnik türkmen futbolçysy Serdar Azmunyň Germaniýaly topara geçmegi barada ylalaşdylar diýip “Zenitiň” resmi saýtynda habar berilýär.
Serdar Azmun Peterburgly “Zenit” klubynda 2019-njy ýyldan bäri oýnaýardy. Hüjümçi Serdar bu klubda üç gezek Russiýanyň çempiýony boldy. Ol iki gezek Süperkubogyny we bir gezek Russiýanyň Kubogyny gazandy.
Bu klubda Serdar Azmun 104 oýun oýnap, 62 gol geçirdi we 17 sany netijeli top berdi.
Serdar klubyň taryhynda iň bir netijeli oýunçylaryň biri boldy. Onuň hasabynda 2019/2020 ýyllardaky möwsümde iň güýçli hüjümçi we 2020/21 ýyllarda Russiýanyň futbol birleşiginiň iň güýçli futbolçysy boldy.
Serdar Azmun futbolçy karýerasyny Russiýada geçirdi. Ol “Zenitden” başga-da “Rubin” we “Rostow” toparlarynda hem oýnady.
22-nji ýanwarda “Baýer” Serdar bilen şertnama gol goýandyklaryny habar beripdi.
Transfermarketiň maglumatlaryna göra, Serdaryň başga topara geçiş bahasy 25 milýon ýewro deň.
Serdar özüniň futbol karýerasynda meşhur türkmen tälimçisi, “Rubiniň” öňki baş talimçisi Gurban Babaýewiň uly rol oýnandygyny daşary ýurt mediasyna beren interwiýularynda aýdypdy.
Bellesek, Serdar Azmun tanymal türkmen alymy Ýusup Azmunyň süýtdeş agasynyň agtygy.The post Serdar Azmun “Zeniti” terk edýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.
