Serdar Berdimuhamedow Awazada ogly bilen welosiped sürdi, sport maşklaryny etdi

Serdar Berdimuhamedow Awazada ogly bilen welosiped sürdi, sport maşklaryny etdi

4-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow ogly Kerimguly bilen ir säherde Hazaryň kenaryna çykyp, birsellem gezelenç edip, welosipedli ýöriş etdi, şeýle-de sport maşklaryny ýerine ýetirdi.

Ähli möwsümlerde bolşy ýaly, tomus paslynyň ir säheriniň özboluşly gözelligi, hoştap howasy hem-de serginligi ynsan ruhuna ýakymly täsir edýär.Döwlet Baştutany şeýle ajaýyp mümkinçilikden peýdalanyp, ogly bilen kenarda birsellem gezelenç etdi.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow ogly Kerimguly bilen bilelikde Awazanyň çägi boýunça welosipedli ýörişi dowam etdi.Säher çagynda ajaýyp görnüşi emele getirýän Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenarýaka zolagynda welosipedli gezelenç ruhuňy göterýär.

Soňra hormatly Prezident ogly Kerimguly bilen “Awaza” köpugurly sport toplumyna geldi we bu ýerde türgenleşik enjamlarynda maşklary ýerine ýetirip, ýokary ussatlyk derejesini görkezdi.Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, sport enjamlarynyň her biriniň özboluşly aýratynlygy bolup, olar bedeniň taplanmagynda bolşy ýaly, adam saglygynyň berkidilmeginde hem aýratyn ähmiýetlidir.

Sport enjamlarynda berjaý edilýän maşklaryň kada boýunça dürs ýerine ýetirilmeginiň ynsan saglygy üçin peýdasy uly bolýar.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedowlaryň maşgala agzalary Awaza geldi, sebitde howpsuzlyk güýçlendirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamak hakynda
Kömek Kulynyň kyssasy we türkmen edebiýatynyň 'suwsuz degirmen' aladasy
Möhüm marketing: Täç hil söwda nyşanly sanitaýzerler
Owgan resmisi: Tussag edilen YD jeňçilerinden üçüsiniň Türkmenistanyň raýatydygy anyklandy
Wagtyň ölçegi