Serdar Berdimuhamedow Eýranyň Beýik ruhy Lideri Hamaneýi bilen duşuşdy

Serdar Berdimuhamedow Eýranyň Beýik ruhy Lideri Hamaneýi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Ali Hamaneýi bilen duşuşdy. Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisi hem gatnaşdy.

Hamaneýi duşuşygyň barşynda Eýran Yslam Respublikasynyň goňşy döwletler bilen gatnaşyklaryny giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini nygtap, Aşgabat bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň iki ýurduň bähbidine bolup durýandygyny belledi.Bu barada Mehr habarlar gullugy habar berýär.

Aýatolla Hamaneýi: “Iki ýurduň arasyndaky bilelikdäki hyzmatdaşlyk toparynyň çynlakaý işjeň bolmaly we şertnamalar yzygiderli dowam etdirilmeli” -diýip aýtdy.Türkmenistanyň Prezidenti Eýran bilen hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda ösdürilmegine ähmiýet berilýändigini belläp, şu gün gol çekilen ylalaşyklara laýyklykda, geljekde-de iki ýurduň arasynda, hususan-da, tebigy gaz, elektrik energetikasy, ýük gatnawlary, şeýle hem iri taslamalary durmuşa geçirmek babatda hyzmatdaşlyk ediljekdigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Akbar Sedghi: Eýran türkmen bazaryna egin-eşikleri eksport edýär
Eýran-Türkmenistan demirgazyk-günorta demir ýol geçelgesinde üstaşyr kuwwatynyň artdyrylmagy teklip edilýär
Ysraýylyň Eýrana Hüjüm Başladandygy Habar Berildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY BAŞLADY
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýrana sapary başlandy
Eýran: "Ysraýyl bilen arabaglanşykly terrorçylykly topar tussag edildi" diýdi