Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Hasabatlarda aýdylyşy ýaly, ýaz ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallaryny abatlap, möwsüme taýýarlamak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda gowaça çigitlerini taýýarlamak işleri dowam etdirilýär. Şeýle hem ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Häkimler welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berdiler.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurtda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň “Türkmenistanda 2024-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakyndaky” Kararyny ýerine ýetirmek hem-de ýurtda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär.

Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça ýerlerde degişli işler dowam edýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, pudagy döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, ýurduň bugdaý meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny, gowaça ekiljek meýdanlaryň, ýokary hilli gowaça tohumlarynyň, oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň ýazky ekiş möwsümine taýýar edilmegini, şeýle hem ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişiniň guramaçylykly hem-de agrotehniki möhletlerde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutany welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdy 2022 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda 2024-nji ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şeýle-de welaýatlardaky medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýokary derejede bellenilmegini üpjün etmegi tabşyrdy