Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin gelen Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi.

Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine uly üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip, Newanyň boýundaky şäheriň russiýa-türkmen gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan hyzmatdaşlygy ilerletmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Duşuşygyň barşynda uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan köpýyllyk hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. Şeýle-de ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlarda 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Ýol kartasynda bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, energetika, ulag we kommunikasiýalar, gurluşyk ulgamy, ýol-ulag düzümi we gämi gurluşygy, maýa goýumlary hem-de sanlylaşdyrmak, akylly şäherleri gurmakda özara gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarydyr. Öz nobatynda, Türkmenistan hem ýurtda öndürilýän oba hojalyk, dokma we nebithimiýa senagatynyň önümlerini hem-de beýleki harytlary ibermäge taýýardyr.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamda hem netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi
Russiýaly gubernatorlar Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutladylar
Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 24-nji Peterburg halkara forumyna gatnaşýar
Türkmenistan bilen Peterburgyň arasynda gurluşyk we senagat ulgamynda hyzmatdaşlyk ylalaşyldy
Türkmenistan we Sankt-Peterburg senagat pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar