Serdar Berdimuhamedow Sankt Peterburgyň häkimi bilen duşuşdy

Serdar Berdimuhamedow Sankt Peterburgyň häkimi bilen duşuşdy

Prezident Berdimuhamedowyň görkezmesi bilen türkmen delegasiýasy 3-4-nji iýunda Sankt-Peterburgda geçýän XXIV halkara ykdysady duşuşyga gatnaşýar. Bu barada TDH habar berýär.

Delegasiýa premýer-ministriň orunbasary we prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edýär diýip , “Sankt Peterburg” telekanaly maglumat berýär.

3-nji iýunda onuň bilen şäheriň häkimi Aleksandr Beglow duşuşdy we özara hyzmatdaşlyk şol sanda, ykdysady ugur barada maslahat etdi.

Beglowyň belleýşiçe, 2020-nji ýylda taraplar 2025-nji ýyla çenli hyzmatdaşlygyň we bilelikdäki işleriň planyny öz içine alýan “Ýol kartasyna” gol goýdular.

Internet sahypa Peterburgly şirketleriň Aşgabatda ýollary, çatryklary, palçyk akymlary goraýan desgalary gurýandygyny ýazýar. Şeýlede şäher A.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebine goldaw berýär. Türkmenistanda Peterburgly arheologlar we gündogarşynaslar işleýärler.

Russiýanyň we Türkmenistanyň halklaryny umumy taryhy geçmiş birleşdirýär diýip häkim Beklow belleýär.

“Piskarýew mazarlygynda Leningrad blokadynda söweşen Türkmenistanly harbylaryň hormatyna ýatlama daşy goýuldy. Biz ewakuasiýadaky leningradlylary kabul eden Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny minnetdarlyk bilen ýatlaýarys” diýip Peterburgyň häkimi aýdýar.

Ýatlatsak, 23-nji maýda Aşgabatda Serdar Berdimuhamedow we DIM Raşit Meredow Sankt Peterburgyň daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Ýewgeniý Grigorýew we “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk şirketler toparynyň başlygy Igor Bukato bilen duşuşyk geçirdiler.

Ministrler Kabinetiniň 21-nji maýdaky mejlisinde Serdar Berdimuhamedow 2021-2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň hem Russiýanyň hökümetara ykdysady hyzmatdaşlygy barada maksatnamanyň taslamasyny prezidente hödürledi we ol kakasy tarapyndan tassyklanypdy.The post Serdar Berdimuhamedow Sankt Peterburgyň häkimi bilen duşuşdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi
Aşgabatda gabawa düşen Leningradyň ýaşaýjylaryndan türkmen halkyna minnetdarlygyň nyşany peýda bolar
Beglow Aşgabatda gurulýan sil suwlaryny sowujy topluma baryp gördi
Analiz: 11-nji fewral Türkmenistanda häkimiýeti geçirmek marafonynyň “hakyky” pellehanasymy?
Beglow Aşgabatdaky türkmen-rus mekdebiniň mugallymlaryny we okuwçylaryny Sankt-Peterburga çagyrdy
Sankt-Peterburgyň gubernatory Serdar Berdimuhamedowy täze ýyl bilen gutlady