Serdar Berdimuhamedow we Türkiýäniň wise-prezidenti özara maýa goýumy maslahatlaşdylar

Serdar Berdimuhamedow we Türkiýäniň wise-prezidenti özara maýa goýumy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda Türkiýäniň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda özara maýa goýum meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkiýäniň wise-prezidentiniň sosial ulgamda habar bermegine görä, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, söwda-ykdysady işleriň meselelerini we özara söwdanyň mukdaryny artdyrmak syýasatlaryny maslahatlaşdylar.

“Men saparymyzyň doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan Türkmenistan bilen ykdysady, durmuş-medeni gatnaşyklarymyzy has hem güýçlendirer diýip umyt edýärin we mähirli myhmansöýerligi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa sag bolsun aýdýaryn” diýip, Jewdet Ýylmaz belledi.

Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz sişenbe güni Aşgabada geldi. Jewdet Ýylmaz Türkmenistana saparynyň çäginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisine gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşar
Jewdet Ýylmaz Özbegistanda Saparda Bolýar
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Özbegistanda saparda bolýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Galkynyş Ýoly taslamasy barada beýannama berdi
Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýä gynanç bildirdi