“Serie A”-da 67 ýyl öňki waka gaýtalandy

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 7-nji tapgyrda taryhy waka bolup geçdi. Ýurduň güýçli klublarynyň 4-si, ýagny “Ýuwentus”, “Milan”, “Inter” hem-de “Roma” 67 ýyldan soň 1 günde ýeňlişe sezewar boldy. 18-nji sentýabrda oýnalan duşuşyklarda günüň ilkinji ýeňlişi “Intere” degişli bolup, wise-çempion “Udinezeden” soňky minutlarda 2 gol geçirdip, 3-1 hasabynda asgyn geldi.

Günüň 2-nji ýeňlişinde “Ýuwentus” myhmançylykda “Serie A”-nyň täze topary “Monzadan” 1-0 utuldy. “Monza” “Serie A”-nyň taryhyndaky ilkinji ýeňşini “Ýuwentus” bilen bolan duşuşykda gazanmagy başardy. “Roma” öz meýdançasynda “Atalantadan” 1-0 asgyn geldi.

Taryha geçen bu günüň 4-nji ýeňlişi “Milana” degişli bolup, çempion öz meýdançasynda “Napoliden” 2-1 utuldy.Ady agzalan bu 4 öňdebaryjy topar soňky gezek bilelikde 1955-nji ýylyň 13-nji fewralynda öz garşydaşlaryndan ýeňlipdiler.

Başgaça aýdylanda, “Serie A”-da 67 ýyldan soň taryhy gaýtalandy.

Ýene degişli makalalar

Ýene Gattiniň goly ýeňiş getirdi
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
Italýan klublarynyň täze transferleri
“Interden” soň “Milan” hem soňky minutlarda ýeňşi elden giderdi
Bir kluby aşaky liga düşdi, bir kluby ýokary liga çykdy
6 aýdan soň ilkinji goly