Serie A-nyň taryhynda ilkinji gezek

Italiýanyň futbol çempionaty Serie A-da ilkinji gezek bir duşuşyga zenan emin eminlik eder. Çempionatyň 8-nji tapgyrynyň çäginde oýnaljak Sassuolo Salernitana duşuşygynda Mariýa Sole Ferrieri Kaputi jürlewük çalar. Şeýlelikde, 31 ýaşyndaky Kaputi Serie A-da jürlewük çaljak ilkinji zenan emin bolar.

Bu wakany italýan metbugaty taryhy waka diýen setirler bilen öz okyjylaryna ýetirdi. Ýurduň futbol taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak bu duşuşyk 2-nji oktýabrda, ýekşenbe güni 18:00-da başlanar.

Ýene degişli makalalar

Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi
“Ýuwentusdan” soň “Interi” hem ýeňdi
Taryhynda 1 gezek ýeňiş gazanan topar
Serie A-nyň 90-njy möwsümi başlaýar
“Milanam”, “Interem” ýeňdi, çempion soňky tapgyrda belli bolar