Si Szinpin 20-22-nji martda Russiýada saparda bolar

Si Szinpin 20-22-nji martda Russiýada saparda bolar

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 20-22-nji martda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça RF-da döwlet saparynda bolar diýip, Kremliň metbugat gullugy habar berdi. Bu barada Interfax.ru ýazýar.

Gepleşikleriň barşynda Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky ählitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we özara strategik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar diýlip, Kremliň habarynda bellenýär.

Şeýle-de, iki ýurduň döwlet Baştutanlary halkara gatnaşyklarynda rus-hytaý hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak babatda pikir alşarlar. Ikitaraplaýyn möhüm resminamalaryň gol çekilmegine hem garaşylýar.

Öz gezeginde RIA Nowosti neşiri RF-niň döwlet Baştutanynyň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowyň sözlerine salgylanyp, öňdäki duşenbede Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň metbugatda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýagdaýy barada makala bilen çykyş etmekçidiklerini ýazýar.

Makala Rossiýskaýa gazeta we Ženmin žibao neşirlerinde çap ediler.

Uşakow şeýle-de Putin bilen Szinpiniň arasynda dostluga we birek-birege ynama esaslanýan gatnaşyklaryň kemala gelendigini belledi, muňa iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň birek-birek bilen dürli derejelerdäki 40-a golaý duşuşyklary hem güwä geçip biler diýip, ol aýtdy.

Uşakow Moskwa bilen Pekiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyndan kanagatlanýandyklaryny sözüniň üstüne goşdy.

Ýene degişli makalalar

Szinpin sanly söwdanyň dünýä ösüşine itergi berýändigini aýtdy
Szinpin maýyň birinji ýarymynda üç Ýewropa ýurduna sapar eder
Hytaýyň Döwlet baştutany ABŞ-da saparda bolýar
Szinpin alty ýylda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretaryny kabul etdi
Baýden Szinpine palaw hödür etdi
Dostluk ilçisi hökmünde panda iberiler