“Siriýadan Türkiýä Gelýänleriň Sanynyň Köpelendigi Hakyndaky Garaýyşlar Asylsyz”

“Siriýadan Türkiýä Gelýänleriň Sanynyň Köpelendigi Hakyndaky Garaýyşlar Asylsyz”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ýer titremesi sebäpli Siriýadan Türkiýä gelýänleriň sanynyň köpelendigi hakyndaky garaýyşlaryň asylsyzdygyny aýtdy.

Mewlüt Çawuşogly, paýtagt Ankarada Liwiýanyň Daşary işler ministri Nejla al Menguş bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Çawuşogly, 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan we Siriýa hem ýaramaz täsirini ýetiren ýer titremesi sebäpli şol ýurtdan Türkiýä gelýän bosgunlaryň sanynyň köpelendigi barada öňe sürülýän garaýyşlaryň asylsyzdygyny aýtdy.

Halky öjükdirmek üçin ýalňyş maglumatlary ýaýratmagyň ýagşy niýetli çemeleşme bolmandygyny aýdan Çawuşogly, “Halkara jemgyýetçiligine we BMG-na gümük geçelgeleriniň diňe Siriýa ynsanperwer kömeginiň berilmegi maksady bilen açyljakdygyny aýdyk. Ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň iş alyp barýan zolaklarynda gümrük geçelgelerini açandygymyz ýada siriýalylaryň köpçülikleýin Türkiýä tarap gelýändikleri baradaky habarlar dogry däl” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi
Mewlüt Çawuşogly ysraýylly kärdeşi Eli Koen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Çawuşogly "Asyrlaryň diplomatik tejribesi" atly simpoziumda çykyş etdi
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar