“Siz Watana belent ykbal, Arkadag”

“Siz Watana belent ykbal, Arkadag”

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Baş drama teatrynda “Siz Watana belent ykbal, Arkadag” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlige gatnaşan medeniýet we sungat işgärleri tamamlanyp barýan 2021- nji “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda gazanylan ösüşler, ýetilen belent sepgitler, ata Watynymyzyň durmuşynda bolan taryhy wakalar barada uly buýsanç bilen gürrüň berdiler , şeýle-de ata Watanymyza, türkmen topragymyza, Arkadag Prezidentimize bolan çäksiz söýgülerini goşgy setirleriniň üsti bilen ýürek joşgunlaryny beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda 2022- nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrmak baradaky başlangyçlaryny tüýs ýürekden goldaýandyklaryny, täze ýylymyza teklip edilen bu şygaryň tüýs ýerine düşendigini, çünki ýurdumyzyň ähli ösüşleriniň başynda halkymyzyň asuda, parahat, bagtyýar durmuşda ýaşamagynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň durandygyny bellediler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN HALK MATALLARY KITABY ESASYNDA
HALK HEM KALP ŞAHYRY
ŞANLY ÝYLYŇ ŞYGARY-KÖŇÜLLERIŇ ÇYRAGY
Owazlar äleminiň bilbili
RUHY HAZYNALY DÜRDÄNELER
ŞATLYK PAÝLAP, NOWRUZ GELDI ÄLEME
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy