Skapeniň sapalagy atly täze sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy

Skapeniň sapalagy atly täze sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda Žan Batist Molýeriň Skapeniň sapalagy atly täze sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy. Sahnanyň dowamyndaky wakalar XVII asyrda Neapolda gadymy italýan galalarynyň eteginde ýerleşýän şäher meýdançasynda bolup geçýär. Haýran galdyryjy wakalaryň baş gahrymany bolsa hyzmatkär Skapen.

Pýesanyň ýordumy şeýleräk. Iki jenap söwda işi bilen Neapoldan gidenlerinde ogullaryny hyzmatkärleriniň garamagynda galdyrýarlar. Şol wagta çenli bir ogly ýaş sygana öýlense, beýlekisi täzelikde ejesinden jyda düşen we eklençsiz galan bir gyza aşyk bolýar. Atalarynyň gaýdyp gelýändigi baradaky habar ýaşlary lapykeç edýär. Diňe Skapen ýüze çykan kyn ýagdaýlardan çykalga tapyp biljekdi.

Joşgunly aýdymlar, neapolitan we sygan sazlarynyň tolgundyryjy owazy, syganlaryň geň-enaýy eşikleri we köpçülikleýin sahnalarda çykyş edýänleriň tolgundyryjy tanslary spektaklda şadyýanlyk ruhuny döredýär.

Täze sahna eserinde artist Ýazgeldi Potjykow Skapeniň keşbini täsirli döredipdir. Bu onuň ilkinji baş keşbi. Ýazgeldi birinjiden, tansa ökde, onuň hereketleri nepis, ikinjiden, telewideniýede ses berýär. Skapen üçin bolsa gepleýiş endigi juda möhümdir, çünki onuň dili duzly.

Spektaklyň ahyrynda režissýoryň eden işiniň netijesi görünýär. Mähelle Skapeni meýdançada ýeke goýýar. Ol şol wagt özüni ýalňyz duýýar. Emma bu uzaga çekmeýär. Syganlar gaýdyp gelip, oňa miwe, bir bulgur şerap hödürläp, onuň aladasyny edýärler, şol wagtam ýaş jenaplar ony nahara çagyrýarlar. Hekaýat Skapeniň kömegi bilen gowy tamamlanýar, ol şeýdibem hormat gazanýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Italýa ulag pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikleri geçirdiler
Futbolyň ägirdi Diego Maradona aradan çykdy, Argentinada 3 gün ýas yglan edildi
Diego Maradona 60 ýaşady
24 duşuşygyň 12-sinde myhmanlar ýeňiş gazandy
UEFA Çempionlar ligasy barada gyzykly maglumatlar
Sportuň taryhynda şu gün 25-nji awgust