Türkmenistan we Italýa ulag pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikleri geçirdiler

Türkmenistan we Italýa ulag pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikleri geçirdiler

2024-nji ýylyň 20-nji martynda türkmen wekiliýetiniň Rime amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M. Çakyýew bilen wise-premýer, Italiýanyň infrastruktura we ulag ministri Matteo Salwininiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Italiýanyň ulag pudagynyň esasy bölümleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Taraplar demir ýol we deňiz ulaglary pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenbaşy we Neapol portlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Yzly-yzyna 3-nji finaldan soň, 3-nji çempionlyk
Iň köp tomaşa edilen Dünýä Kubogy
Içeri Işler Ministri Soýlu, Italiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Messi taryhy rekordyň bosagasynda dur we super ýyldyzyň beýleki rekordlary
Messi we ýoldaşlary finalda, horwatlara bu gezek başartmady
… we Dünýä Kubogy Messiniň ellerinde