Soçi Berdiýewiň baş tälimçilige bellenilendigini resmi ýagdaýda mälim etdi

Soçi Berdiýewiň baş tälimçilige bellenilendigini resmi ýagdaýda mälim etdi

Russiýanyň Soçi futbol sosial torlaryndaky hasabynda toparyň baş tälimçiligine türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýewiň bellenilendigini resmi ýagdaýda mälim etdi.

Topar özüniň Telegramdaky kanalynda küşt oýnunyň elementleri esasynda düşürilen wideorolik ýerleşdirdi. Rolikde küşt mallarynyň her bir ýörişinden soňra Gurban Berdiýewiň gazanan üstünlikleri ekranda peýda bolýar. Wideoroligiň ahyrynda Hoş geldiňiz, Gurban Bekiýewiç diýle sözler ýazylyp, Partiýa başlanýar diýen ýazgy ekrana çykýar.

Ýeri gelende bellesek, Gurban Berdiýew baş tälimçi hökmünde Rubin bilen iki gezek (2008, 2009) Russiýanyň çempiony bolmagy başardy. Türkmenistanly hünärmen 2009-njy ýylda Russiýa Federasiýasynda ýylyň iň gowy tälimçisi hökmünde ykrar edilipdi.

Soçi häzirki wagtda 17 oýunda 25 utuk toplap Russiýanyň premýer-ligasynyň turnir tablisasynda 9-njy ýerde barýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda täze utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berildi, Türkmen howa ýollary Aşgabat Abu-Dabi ugry boýunça uçuşlary amala aşyrar, Aşgabatda gazak şahyrynyň ýadygärligi peýda bolar we beýleki habarlar
Gurban Berdiýew Rubine dolanarmy?
Raşid Rahymow Rubiniň baş tälimçisi boldy
Gurban Berdiýew Dinamo toparyna tälim berer
Danilýans heniz Soçiden çakylyk almandygyny aýtdy
Ahalteke atym uçar ganatym