Wýetnamyň Prezidenti wezipesinden çekildi

Wýetnamyň Prezidenti Nguen Suan Fuk döwlet baştutany wezipesinden çekilip, Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň we Syýasy býurosynyň düzüminden çykdy.

“Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komiteti sişenbe güni Nguen Suan Fukuň Wýetnamyň Prezidenti wezipesinden çekilmegini kabul edip, ony öz islegi boýunça partiýanyň Merkezi Komitetiniň hem-de Syýasy býurosynyň düzüminden çykardy” diýip, Wýetnamyň habar beriş serişdeleri mälim edýär.

Partiýanyň Merkezi Komitetiniň beýanatynda Nguen Suan Fukuň ýurduň ýokary ýolbaşçylygynyň wekilleri tarapyndan goýberilen säwliklere ähmiýet bermänligi ýüze çykarylandan soň işinden çekilmek barada karara gelendigi aýdylýar.

Nguen Suan Fuk 2021-nji ýylyň 5-nji aprelinden bäri Wýetnamyň Prezidenti wezipesini eýeläp gelýärdi. Ol 2016-2021-nji ýyllarda Wýetnam hökümetiniň ýolbaşçysy boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Hytaý ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdi
Wýetnam täze baş sekretaryny saýlady
Wan I: Hytaý — Merkezi Aziýa sammiti Hytaýyň daşary syýasaty üçin möhüm waka boldy
Si Szinpin: Hytaý siwilizasiýanyň täze görnüşini döretdi
Lyong Kyong Wýetnamyň Prezidenti boldy
To Lam ikinji möhlete täzeden saýlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady