Sözi manysy bilen öwreneliň!

/* custom css */ .td_uid_19_60cbe431df91f_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60cbe431df91f_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Sabyr ajy bolsa-da, soňy süýji Türkmen nakyllarynda ynsany bezeýän gylyk-häsiýetlerdir endikleriň birnäçesi çuň manyly pikirleriň üsti bilen açylyp görkezilýär. Şolaryň biri hem adamyň özüni alyp barşynda, esasan, köpçülik ýerlerinde ýüze çykýan sabyrly bolmak endigidir.

Türkmen diliniň sözlüginde Sabyr çydam edip garaşmaklyk ukyby, takat, çydam diýip düşündiriş berilýär.Nakylyň birinji böleginde sabyr ajy zada deňelip, sabyrly bolmagyň kyndygy, onuň täsiriniň ýitidigi beýan edilýär.

Sabyr käsesini doldurman garaşmak her kime başartmaýar.Sabyrly bolmak adamda erkliligi, akyla görä iş ýöretmegi talap edýär.Bu aýdylanlara ugurdaş manyda şu nakyly getirip bileris: Sabyr daşy takat daşy.

Nakylyň ikinji böleginde sabryň soňunyň, ýagny miwesiniň süýjüdigi, adam üçin haýyrlydygy aýdylýar. Ýagny, wagtynda amala aşmadyk maksatlaryň, şer işleriň soňy sabyr etmek arkaly haýra dönýändir.Islendik zatda, goý ol okuwda bolsun, iş ýüzünde bolsun, sabyrly bolup, öňde goýan maksadymyza, göz öňünde tutan netijelerimize ýetip bileris.

Nakylyň manysyny jemlänimizde, näçe kyn bolsa-da, sabyrly bolmagy endige öwürmelidigi, erki elden bermän, soňuna çenli garaşyp, haýyrly pursatlara ýetmelidigi beýan edilýär.Sabyr üstünlikleriň, şowlulyklaryň gözbaşydyr.Sabyrlylyk durmuşdaky ähli gapylaryň açarydyr.

Sabyr soňy sap altyn.Sabyr eden myrada ýeter.

Ýene degişli makalalar

Sözi manysy bilen öwreneliň!
Sanly çözgüt 2024 atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri
Gyrgyzystanyň Ýazyjylar birleşigi 90 ýaşady
27-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
“Huawei” täze akylly sagat çykardy