Şols goranmak ministriniň işden gitmek baradaky ýüztutmasyny kabul etdi

Şols goranmak ministriniň işden gitmek baradaky ýüztutmasyny kabul etdi

Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols ýurduň goranmak ministri Kristine Lambrehtiň iş başyndan gitmek barada haýyşnamasyny kabul etdi. Bu barada Germaniýanyň hökümetiniň wekili Kristiane Hofman habar berdi diýip, Belta.by saýty ýazýar.

Hökümetiň wekili Şolsuň ministriň çözgüdine hormat goýmak bilen garandygyny nygtady. Lambreht işden boşadylandygy barada hat gowşurylýança wezipe ygtyýarlylyklaryny dowam eder.

Ýakyn wagtda kansler GFR-niň Prezidentine harby edaranyň başlygy wezipesine täze wekili teklip eder. Täze ministriň ady sişenbede yglan ediler diýip, ýurduň Frankfurter Allgemeine Zeitung gazeti hökümetdäki çeşmelere salgylanyp, habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýede ýolagçy awtobusy jara, Pakistanda jülgä gaçdy
Russiýa haýyr-sahawat kömegi hökmünde Afrika 25 müň tonna bugdaý iberdi
Kanar adalaryna barýan bikanun göçegçileriň sany artdy
8-nji noýabrda Aşgabatda Aragatnaşyk Dolandyryşlarynyň Başlyklarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler
Ýapon hünärmeni Türkiýede täze ýer titremesini çaklaýar
Braziliýanyň Amazoniýa tokaýlary güýçli ýangynlary başdan geçirýär
Ärdogan Türkiýäniň dolandyryjy partiýasynyň başlyklygyna täzeden saýlandy