Soňky jaň dabarasy geçirildi

Soňky jaň dabarasy geçirildi

25-nji maýda Soňky jaň dabarasy tutuş ýurdumyz boýunça dabaralanýar. Ýurdumyzyň ähli orta mekdepleri bilen bilelikde, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriniň 11-nji synp harby okuwçylarynyň uçurymlarynyň gutardyş dabarasy hem ruhubelentlige beslenip geçirildi.

Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň uçurymlary Halk hakydasy ýadygärlikler toplumyna, gahrymançylykly durmuş we ömür ýoly bilen hakyky watançylygyň nusgasy, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban pederi, edermen esger, ilhalar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline ter gül desselerini goýdular.

Soňky jaň ajaýyp mekdep döwrüniň tamamlanandygyny, şol bir wagtda hem durmuşyň jogapkärçilikli gapysyndan gadam basýandygyny alamatlandyrýan, ýaşlaryň juwan kalplaryny süýji arzuwlara, besleýän özboluşly baýramdyr. Harby mekdebi üstünlikli tamamlan uçurymlar milli goşunymyzyň geljekki serkerdeleri bolup ýetişerler. Soňky jaň baýramy mynasybetli dabaralarda ýaňlanan aýdymdyr sazlar uçurymlaryň göwün guşyny ganatlandyrdy. Uçurymlar Watanymyzyň asudalygyny, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny gözüniň göreji deýin gorajakdyklaryna ynandyrdylar.

Has köp suratlary Multimedia bölümimizde görüp bilersiňiz!

Milli goşun.

Ýene degişli makalalar

19-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň Rönesans Holding kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Milli Liderimiziň Rönesans Holding kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
CNPC-niň şahamçasy Türkmenistan bilen işgärleri taýýarlamak pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Watanymyzyň gözelligini artdyrmak her bir türkmenistanlynyň watançylyk borjudyr
Milli Liderimiz ählihalk ýowaryna gatnaşdy