Sportuň taryhynda şu gün 1-nji oktýabr

1881

Fransiýanyň “Bordo” (Bordo) futbol topary esaslandyrylýar.

1966

Liberiýaly meşhur futbolçy, “Altyn top” baýragynyň eýesi Jorj Wea dünýä

inýär.

1975

Muhammad Ali Filippinleriň paýtagty Manilada geçirilen duşuşykda Hou Freýzieri

ýeňlişe sezewar edýär.

1977

Futbolyň şasy hasaplanýan Pele ABŞ-nyň “Nýu Ýork Kosmos” klubundaky soňky

duşuşygyny geçirýär.

1981

Braziliýaly futbolçy Hulio Baptista dünýä inýär.

1988 Seul

Olimpiadasynda ozalky Soýuzyň ýeňil atletikaçy zenanlary 4×400 metr ylgaw

ýaryşynda 3 minut 15,17 sekuntda pellehana gelip, dünýä rekordyny goýýar.

1988 Seul

Olimpiadasynda germaniýaly tennisçi Şteffi Graf finalda ispaniýaly Gabriela

Sabatinini ýeňip, altyn medala mynasyp bolýar. Ol bu ýeňiş bilen tennisiň

taryhynda 1 ýylda 4 “Uly tuwulgany” hem-de Olimpiadanyň çempionlygyny (“Altyn

tuwulga”) gazanan ilkinji we häzirlikçe ýeke-täk tennisçi bolýar.

1995 F1-de

“Benetton” toparynyň nemes sürüjisi Maýkl Şumaher Ýaponiýa “Gran Prisinde”

ýeňiji bolup, bassyr 2-nji Dünýä çempionlygyny gazanýar.

Ýene degişli makalalar

Fransiýada pyçakly hüjüm guraldy
20 ýyldan soň öňki toparyna tälim bolup dolandy
“Bawariýa” Berlinde büdredi, PSŽ “Liondan” utuldy
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär
UEFA Çempionlar ligasy barada gyzykly maglumatlar
Meşhur sazandalaryň durmuşyndan