Sportuň taryhynda şu gün 12-nji awgust

Sportuň taryhynda seredenimizde 12-nji awgustda birnäçe waka bolup geçipdir.Diňe şu günüň özünde 3 tomusky Olimpiýa oýunlary tamamlanýar. Ýagny 1928-nji, 1984-nji hem-de 2012-nji ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlarynyň jemleýji dabaralary 12-nji awgustda geçirilýär. Şeýle-de Niderlandlaryň “Willem II”, Italiýanyň “Sampdoriýa”, Fransiýanyň soňky ýyllarynyň çempiony PSŽ klublary-da degişli ýyllarda şu gün esaslandyrylýar.

Galyberse-de, şu gün tennisçi Pit Sampras, futbolçylardan Les Ferdinand, Klaas-Ýan Huntelaar, italýanlaryň garagol ýyldyzy Mario Balotelli, boksçy Taýson Fýuri ýaly türgenleriň doglan güni.

12-nji awgust

1896 Niderlandlaryň “Willem II” (Tilburg) futbol topary esaslandyrylýar.

1928 Niderlandlaryň paýtagty Amsterdamda geçirilen IX tomusky Olimpiýa oýunlary tamamlanýar.

1946 Italiýanyň “Sampdoriýa” (Genue) futbol topary esaslandyrylýar.

1966 Angliýaly futbolçy Les Ferdinand dünýä inýär.

1970 Fransiýanyň PSŽ (Pariž) futbol topary esaslandyrylýar.

1971 Amerikaly tennisçi, 14 “Uly tuwulganyň” eýesi Pit Sampras dünýä inýär.

1983 Gollandiýaly futbolçy Klaas-Ýan Huntelaar dünýä inýär.

1984 ABŞ-nyň Los Anjeles şäherinde geçirilen XXIII tomusky Olimpiýa oýunlary tamamlanýar.

1988 Angliýaly meşhur boksçy Taýson Fýuri dünýä inýär.

1990 Italiýaly futbolçy Mario Balotelli dünýä inýär.

1998 Gresiýaly tennisçi Stefanos Sisipas dünýä inýär.

2012 Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda geçirilen XXX tomusky Olimpiýa oýunlary tamamlanýar.

2018 Golf boýunça 4 uly ýaryşyň biri bolan “PGA Championship”-iň 100-nji geçirilişinde amerikaly Bruk Koepka ýeňiş gazanýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ilçisi Niderlandlaryň Patyşasyna ynanç hatyny gowşurdy
Dohada Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy, Çoganlyda täze medeni-dynç alyş seýilgähi peýda bolar, Mejlis hakynda Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi we beýleki habarlar
Türkmenistan we ÝB hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekdiler
103 günlük aratapawut bilen 6 gün öň täzelenen rekordy täzeledi
Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi
UEFA Çempionlar ligasy barada gyzykly maglumatlar