Ýyldyzlary jemleýän kino

“Jadygöý” (The Witch) we “Maýak” (The Lighthouse) filmleriniň ýaş režissýory Robert Eggersiň The Northman atly täze filminiň artistler toparynyň gerimi giňeýär.X asyrda wikingleriň ar alyş hekaýasyny gürrüň berýän filmiň artistleriniň hataryna islandiýaly meşhur aýdymçy zenan Býörk hem goşuldy.

Ozal habar berlişi ýaly, filmde baş keşbi Golliwudyň şwesiýaly aktýory Aleksander Skarsgard, şol sanda, oskarly aktrisa Nikol Kidman, Willem Dafo, Anýa Teýlor-Joý, Bill Skarsgard, Itan Hawk ýaly tanymal artistler surata düşerler.

Filmiň ssenarisini Sýon bilen režissýoryň özi bilen bilelikde ýazar.Ekran eseriniň surata alnyş işlerine öňümizdäki günlerde badalga berler.

Ýene degişli makalalar

35—nji film bolar
“Altyn globus” we “Gremmi” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
Aşgabatda meşhur orkestriň konsertleri geçdi
2023-nji ýylyň iň gowy kitaplary saýlandy
Elektrik energiýasy bilen işleýän ýük ulagynyň önümçiligine başlandy