Sputnik V her aýda 20 million dozada öndüriler

Sputnik V her aýda 20 million dozada öndüriler

Russiýada koronawirusa garşy Sputnik V sanjymyny öndürýän iri derman kompaniýasy bolan Generium şu ýylyň iýulyndan her aýda 20 million doza çenli sanjym öndürip başlar. Bu barada kompaniýanyň Baş direktory Daniil Talýanskiý habar berdi — diýip, TASS agentligine salgylanyp, МИР 24 teleýaýlymy maglumat berýär.

Ozal habar berlişi ýaly, Russiýa ilata sanjym etmek üçin Sputnik V sanjymynyň 30 million dozasyndan gowragyny satyn aldy.Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde Russiýanyň saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko bu barada aýtdy.

Koronawirusa garşy bu sanjymyň birinji tapgyrynda russiýalylaryň 18 milliona golaýyna sanjym edildi.Häzirki wagtda ýurtda COVID-19-a garşy sanjymlaryň dördüsi — Sputnik V, Sputnik Laýt, EpiWakKorona we KowiWak hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy strategik...
Lukman tomsuna galstuk dakynmagyň howpy barada gürrüň berdi
Müsür syýahatçylar üçin COVID-çäklendirmeleriň ählisini ýatyrdy
ABŞ-nyň ýadro meselesindäki çykyşy boýunça Hytaýyň pozisiýasy
Şinzo Abe terrorçylykly hüjüme gabat geldi
21-nji iýulda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçiriler
Yssy howa awtoulaga nähili zyýan ýetirip biler