Stambulda terrorçylykly hüjüm guramak islän terrorçy saklandy

Stambulda terrorçylykly hüjüm guramak islän terrorçy saklandy

Ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýolbaşçylarynyň biri bolan Murat Karaýylanyň buýrugyna laýyklykda Eýranyň üsti bilen Türkiýä gelen we bombaly terrorçylykly hüjüm guramak üçin taýarlyk görendigi anyklanan "Seýdo Botan Gewer" adyny ulanýan Mehdi Myhçy, galp şahsyýetnamasy bilen Stambulda saklandy.

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Murat Karaýylanyň buýrugyna laýyklykda Eýranyň üsti bilen Türkiýä geçen, PKK-nyň ýöriteleşdirilen güýçleriniň agzasy bolan, bomba tälimini berýän, Stambula hüjüm guramak we hüjüm guratdyrmak üçin gelen "Seýdo Botan Gewer" adyny ulanýan Mehdi Myhçy, geçirilen üstünlikli operasiýa bilen galp şahsyýetnamasy bilen birlikde Stambulda tussag edildi" diýip habar berdi.

Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda hem, Stambulyň Içeri işler edarasynyň Milli Howpsuzlyk bölümi tarapyndan geçirilen operasiýa bilen Mehdi Myhçy bilen birlikde ýanynda şübhe astynda bolan ýene-de 3 adamyň saklanandygy, şol adamlaryň galan ýerinde geçirilen gözleg we aňtaw işlerinde şeýle hem ýarag, galp şahsyýetnama we sanly materiallaryň tapylandygy aýan edildi.

Beýanatda Mehdi Myhçynyň 2014-nji ýylda terror guramasy PKK-nyň düzümine goşulandygy mälim edildi.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu Twitterden beren ýene-de bir beýanatynda bolsa, Siriýanyň Azez etrabynyň Mare diýilýän ýerinde PKK/KJK-a agza bolan Abu Ali adyny ulanýan Hasan Najjaryň bombaly žilet we köp mukdarda ok-däri bilen birlikde saklanandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan PKK-nyň Ýewropa ýurtlaryndaky meçew bermeleri bilen bagly beýanat berdi