Sterlingiň indiki tutluşygynyň kim bilen boljakdygy aýdyldy

Sterlingiň indiki tutluşygynyň kim bilen boljakdygy aýdyldy

Ýeňil agram derejesinde UFC-niň çempiony Alžemeýn Sterlingiň guşagyny goramak üçin geçirjek tutluşygy barada maglumatlar paýlaşyldy.

Amerikaly çempion sentýabr aýynda geçiriljek UFC 279 ýaryşynda tutluşyk geçirer. 32 ýaşly Sterling (21-3 MMA, 13-3 UFC) 36 ýaşly watandaşy Ti Jeý Dillaşou (17-4 MMA, 13-4 UFC) bilen tutluşar.

UFC 279 ýaryşyny 11-nji sentýabrda geçirmek meýilleşdirilýär. Mälim edilişi ýaly, iki tarap hem degişli şertnama gol çekdi. Düzüminde garaşylýan tutluşyk hem boljak ýaryşy kabul etmek üçin Boston we Atlanta şäherleri dalaş edýär.

Sterlingiň 7 tutluşykdan bäri ýeňiş gazanyp gelýändigini ýatladýarys. Bu ýeňişleriň ikisi Petr Ýan bilen bolan tutluşyklarda gazanylypdy. Dillaşou bolsa soňky tutluşygyny geçen ýylyň iýul aýynda geçirip, onda Kori Sendhageni ýeňdi.

Ýene degişli makalalar

Döwletjan Ýagşymyradow Bellatoryň reýtinginde ilkinji ýedilige girdi
Türkmenistan Primorskiý kraý sebitinde suw joşgunyndan ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberdi, Astrahan Aşgabatdan kinematograflar toparyny arşy almaga taýýarlanýar we beýleki habarlar
Gysga setirlerde: 20-nji fewraldaky sport habarlary
Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda transportyň ösüşi
Türkmen resmileriniň garaýşyndan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň möhüm orny
“Napoliniň”, “Atletikonyň”, “Bawariýanyň” täze futbolçylary (Günüň transfer habarlary)