Stiwen Spilberg Harrison Forduň täze filmine haýran galandygyny gürrüň berdi

Stiwen Spilberg Harrison Forduň täze filmine haýran galandygyny gürrüň berdi

Kinorežissýor Stiwen Spilberg Variety neşiri bilen söhbetdeşliginde goja aktýor Harrison Forduň baş keşbi döreden Indiana Jons baradaky täze filminiň hakykatdanam gowudugyny belledi.

Bu Indiana Jons barada hakyky gowy filmdir. Ol hemmeleriň göwnünden turdy diýip, ussat kinorežissýor gürrüň berdi.

Meşhur hazyna gözleýji baradaky Indiana Jons we pelegiň gerdişi atly täze film şu ýylyň 30-njy iýunynda prokata çykar.

Ýeri gelende aýtsak, Stiwen Spilberg Indiana Jonsuň öňki dört bölümine režissýorlyk edipdi, bäşinji bölümi bu gezek Jeýms Mengold surata düşürdi.

Mengold filmde baş keşpde çykyş eden 79 ýaşly Harrison Fordy 40 ýaşlaryndaky keşbinde görkezmek üçin kompýuter tehnologiýalaryndan peýdalanylandygyny gürrüň berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Täze Indiana Jons we Işi ýerine ýetirip bolanok filmleri ýitgili bolup biler
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Tom Kruz Işi ýerine ýetirip bolanok filmler tapgyryndan ýüz öwürmekçi däl
Hamiltonyň 85-nji ýeňşi
Ilkinji ýaryşda Bottas ýeňiş gazandy