Şu gün Gün tupany Zemine aralaşar

Şu gün Gün tupany Zemine aralaşar

ABŞ-nyň Umman we howa barlaglary milli edarasy (NOAA) şu gün Ýere aralaşyp biljek Gün tupany barada duýduryşy ýaýratdy. Ol G1 toparyna degişli bolar diýip, MIR 24 ýazýar.

Ol Gün tupanlarynyň iň gowşak derejesidir, emma şeýle hadysa elektrik ulgamlarynyň we emeli hemralaryň işine täsir edýär.Netijede ol Demirgazyk polýusyň töweregindäki sebitlerde polýar şapaklaryny döredip, şeýle-de Ýeriň magnit meýdanyndan ugur alyp göçüp-gonýan haýwanlarydyr guşlary ýoldan azaşdyryp biler.

Geomagnit tupanynyň çeşmesi Günüň günorta-günbatar tarapyndaky koronal deşik bolup durýar, gözegçilikler onuň gün şemalynyň akymyny pürkendigini görkezdi, bu bolsa öňdäki 24-48 sagadyň içinde geomagnit tupanynyň emele gelmegi üçin şert döredýär.

Mundan öňki Zeminde Gün tupany 19-njy iýulda boldy, şonda ABŞ-nyň we Kanadanyň demirgazygynda ýagty polýar şapaklary hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

BB: Dünýä ilatynyň 7 göterimi 2030-njy ýylda garyplygyň çäginde ýaşar
2024-nji ýylda Zeminiň ilatynyň tas ýarpy bölegi saýlawlara gatnaşar
Gül Zemin SDAM-daky Soltan restorany — maşgala dynç alşy üçin ajaýyp ýer
Ýene-de Şammy. Aşgabatdaky meşhur baryň müşderileri 'ýegeniň' gazabyna duçar boldy
Marsda ýaşamaga ukyply jandarlar agzaldy
Aýdyň Gijeler türkmen kärhanasy telewizorlarynyň ýyllyk önümçilik sanyny 100 müňe ýetirdi
Türkmen telekeçileri Gazagystanda geçiriljek işewürlik missiýasyna gatnaşmaga çagyrylýar