Süleýman Muhadow Täjigistanyň futbol çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi

Süleýman Muhadow Täjigistanyň futbol çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi

Türkmenistanly hüjümçi Süleýman Muhadow Täjigistanyň futbol çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi. Möwsümiň açylyş tapgyrynda onuň topary SSKA Gissar şäherinde ýerli Eshatanyň myhmany boldy.

Şäherdäki Merkezi stadionda geçirilen duşuşyk Eshatanyň täsin kambek arkaly ýeňşi bilen tamamlandy. SSKA birinji ýarymy Bahtiýor Çoriýewiň 22-nji, Hurşed Abdulloýewiň 25-nji minutlarda geçiren gollary bilen 2:0 hasabynda öňde tamamlan hem bolsa, ýer eýeleri ikinji ýarymda oýnuň gidişini doly öz ellerine aldylar.

Ilkinji goluny 66-njy minutda Bahtiýor Zaripowyň tapawutlanmagynda geçiren Eshata 85-nji minutda ýene şol futbolçy bilen hasaby deňledi. 90-njy minutda üçünji goluny hem geçiren Bahtiýor ýer eýelerine ýeňşi getirdi.

Türkmenistanly hüjümçi Süleýman Muhadow oýna 62-nji minutda girdi. Ol meýdanda SSKA-nyň ikinji golunyň awtory Hurşed Abdulloýewiň ornuny tutdy.

Duşuşykda het-trik eden Bahtiýor Zaripow Iň gowy oýunçy diýlip yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Arkadag topary öňe saýlandy we Köpetdag bilen Aşgabat toparlary bolsa garaşylmadyk ýagdaýda güýçli toparlary ýeňdiler
Türkmenistanly talyp gyz rus dili boýunça ÝaRus XVII halkara olimpiadasynda I orny eýeledi
Türkmenistanly talyp gyz rus dili boýunça ÝaRus XVII halkara olimpiadasynda I orny eýeledi
Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Zeugma mozaika muzeýine 49 müň 733 adam baryp gördi
Gazagystanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Ýewro-2024-iň saýlamasynda Daniýany utdy
Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi