Süýtçiniň arzuwy

Gadym zamanlarda bir süýtçi bar eken.Ol ýekeje sygryny sagyp, gün-güzeranyny dolapdyr.Süýtçi her gün sagan süýdüni bir küýzä guýup, gündelik gatnaýan ýoly bilen bazara äkidip satar eken.

Süýtçi günlerde bir gün süýtli küýzesini depesinde goýup, bazara barýan wagty ham-hyýala gark bolýar.Ol süýdi satandan soň edinip biljek zatlarynyň ählisi barada öz ýanyndan pikir edip başlaýar: Men şol pula howlymda idetmek üçin 100 sany jüýje satyn alaryn.

Olar doly ulalansoň bolsa bazarda ep-esli bahadan sataryn.Onuň arzuw-islegleri bazara golaýladygyça has-da möwjäp ugraýar: Soňra men ol pula iki sany owlak alyp, mazalyja serederin.

Olar ulalansoň, geçileri has gymmat bahadan sataryn.Ol arzuw kölünde ýüzmegini dowam etdirip, öz-özüne: Ondan soňra ýene-de bir sygyr satyn alaryn.Onsoň satýan süýdümiň mukdary has-da artar. Şeýlelikde, meniň kän pulum bolar….Ol bagtyýarlykdan ýaňa ýere-göge sygman böküp ugraýar.

Birdenem büdräp, honda ýykylyp düşýär. Ýere gaçan küýze kül-uşak bolýar.Süýt bolsa dökülip, ýere siňip gidýär.Süýji arzuwlaryndan göwni geçen süýtçi aglamaga başlaýar…Durmuşda kiçijik zada hem kanagat etmek, şükürli bolmak gerek.

Arzuw etmek gowy zat, ýöne arzuwam çeninden geçende nebise öwrülip başlaýar.Ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly:Kanagata bereket.

Ýene degişli makalalar

Dodak Jaýrylmasy we Onuň Bejergi Usullary
Siliwri Ýogurdy
FAO: azyk önümleriniň bahalary durnukly
FAO: azyk önümleriniň bahasy bäş aý bäri arzanlaýar
Eşitme ukybynyň azalmagynyň öňüni almak üçin tebigy maslahatlar
Türkmen-eýran nebit däl söwda dolanyşygy 79% artdy