Sungat joşguny

Sungat joşguny

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmegi üçin ähli şertler döredilýär.Medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik adamlary bagtly pursatlary başdan geçirýärler.Muňa sebäp bolup, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde Türkmen milli saz gurallary bölüminiň mugallymy A.J.Rustamowanyň ýolbaşçylygynda onuň Plektro dutar hünärinden okaýan II-nji ýyl göreldeli talyby A.Aýtmyradowyň konserdi geçirildi we diýseň täsirli boldy.

Fortepiano saz guralynda bolsa mekdebiň ökde sazandasy A.A.Ragozina sazandarlyk etdi.Konsertde türkmeniň meşhur kompozitorlary N.Halmämmedowyň Poema, B.Hudaýnazarowyň Mugam-poema ýaly ajaýyp saz eserleri belentden ýaňlandy.

Konserdiň meýilnamasynda diňe bir türkmen kompozitorlaryň eserleri däl-de, eýsem daşary ýurt kompozitorlarynyň meşhur saz eserleri ussatlyk bilen ýerine ýetirildi.Olardan F.Listiň №2-nji Wenger rapsodiýasy, I.Bramsyň №2-nji Wenger tansy we başgalar bar.

Konsert diňleýjiler tarapyndan uly şatlyk we şowhun bilen garşylandy.Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň halypa mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň taýýarlan bu konserti Hormatly Arkadag Prezidentimiziň türkmen medeniýetini we sungatyny dünýä ýaýmakda alyp barýan ähmiýetli işleriniň netijesi diýip aýtmak bolar.

Hormatly Prezidentimiziň ähli alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerini durmuşa geçirmekde, türkmen medeniýetini, sungatyny has hem içgin öwrenmeklige, ony halka ýaýmaklyga biziň mekdebimiziň mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşýarlar.Hormatly Prezidentimiziň jany sag, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun.

Ýene degişli makalalar

Türkmen milli konserwatoriýasynda baýramçylyk konserti geçirildi
Belentden ýaňlanan owazlar
Halk saz gurallary
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Ylmyusuly maslahat
“Fenerbahçe”, “Olimpiakos” toparlary üçin Çempionlar Ligasy tamamlandy
Angliýada ýylyň tälimçisi ― Ýurgen Klopp!