Şwarsenegger söýgüli gahrymanlary barada gürrüň berdi

Şwarsenegger söýgüli gahrymanlary barada gürrüň berdi

Maňa kinoda janlandyran gahrymanlarymdan Terminatordan özgesini ileri tutmak kyn düşýär. Hut ol maňa Golliwudda meşhurlyk getirdi, bu film onsoňam meniň bedenimiň möhüm zat bolmadyk ilkinji filmidir diýen aktýoryň sözlerini AiF saýty getirýär.

Aktýor filmde özüni jansyz ganhor-enjam hökmünde alyp barmagyň ýarandygyny, hatda robota has köp meňzemek üçin gözlerini gyrpmazlygy hem öwrenendigini gürrüň beripdir.

Şwarsenegger şeýle-de özüne surata düşen gülküli filmlerdäki keşpleriniň ýaraýandygyny nygtady. Ol Ekizler atly meşhur filmde janlandyran Juliusyň keşbiniň ýüregine ýakyndygyny, geljek ýyl kärdeşleri Denni de Wito we Treýsi Morgan bilen Üçemler komediýasynda bu keşpde höwes bilen çykyş etjekdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Terminator koronawirusa garşy sanjym etdirdi
Şwarsenegger ýene-de “Terminator” bolar
“Terminator 6” surata düşüriler
Terminatoryň ýüregine operasiýa edildi...
Şwarsenegger ABŞ-da öýsüz weteranlar üçin ýaşaýyş jaýyna pul bagyşlady
Arnold Şwarseneggeriň iň söýgüli filmi...