Şwesiýada "Gurhana hormat goýmak" atly çäre geçirildi

Şwesiýada "Gurhana hormat goýmak" atly çäre geçirildi

Şwesiýadaky Türk jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda Şwesiýanyň Dini gaznanyň dini işgäri Serdar Bükme, Gurhan okap, doga etdi.

Serdar Bükme tarapyndan seslendirilen Gurhanyň aýatlarynyň mazmunlary türk we şwed dillerinde beýan edildi.

Türkiýäniň Stokgolm şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ýönet Jan Tezel ol ýerde beren beýanatynda, 21-nji ýanwarda daniýaly aşa sagçy syýasatçy Rasmus Paludanyň Türkiyäniň Stokgolm şäherindäki ilçihanasynyň öňünde Gurhany ýakyp, eden meçew beriji hereketi barada: "Millionlarça hat-da milliardlarça adam ýaly biz hem şol hereketi ýazgarýarys" diýip belledi.

Çärä gatnaşanlara Gurhanyň şwed dilindäki terjimesi we gül desseleri paýlandy.

Ýene degişli makalalar

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Eýranyň ruhy Lideriniň hatyrasyna ýatlama çäresi geçirildi
Türkmenistanyň günortasynda mallar keselden gyrylýar
Türkmenistan ukrain telekanalynyň we rus resmisiniň ýurduň ýapyklygyny agzamagyna protest bildirdi
Ýaşulular gijikdirilen pensiýasyna garaşýarka döwlet TW-si maňlaýyna sylyp pul alýan raýatlary görkezýär
Arkadagda gurulýan metjit üçin býujet işgärlerinden pul talap edilýär
Balkanda metjitlerde çagalara dini bilim bermezlik talap edilýär
Eýranyň Medeniýet merkezinde Eneler we zenanlar güni bellendi