Şwesiýada “Malmö”, Norwegiýada “Bude-Glimt”

Şwesiýanyň çempionaty “Allsvenskan”-da çempion soňky tapgyrda belli boldy. Ýewropadaky çempionaty gyşda geçirilmeýän ýurtlaryň biri bolan Şwesiýada “Malmö” topary 23-nji çempionlygyny gazandy. 30-njy tapgyrda sanawyň lideri “Elfsborg” toparyndan 1-0 üstün çykan “Malmö” garşydaşy bilen deň utuk toplasada, gol aratapawudy boýunça öňe saýlandy. 62 gol geçirip, 27 gol geçiren “Malmö” 59 gol geçirip, 26 gol geçiren “Elfsborgdan” çempionlygy almagy başardy.

Geçen möwsümde taryhynda ilkinji gezek çempionlyk gazanan “BK Haken” topary 3-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy.

Şwesiýada “Malmö” iň köp çempionlyk gazanan topardyr. Bu ugurda soňky çempionlygyny 2007-nji ýylda gazanan “Gýoteborg” 18 çempionlyk bilen 2-nji ýerde barýar. “Norrkoping” toparynyň 13, AIK “Ýurgorden”, “Ergrýute” toparlarynyň-da 12 çempionlygy bar.

Gyş paslyny futbolsyz geçirýän ýurtlaryň ýene biri bolan Norwegiýanyň çempionatynda çempion möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda belli boldy. 28-nji tapgyrda “Olesunn” toparyny Nikola Hoplandyň 37-nji minutda öz derwezesinden geçiren ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda ýeňen “Bude-Glimt” topary çempionlyk gazandy.

Geçen möwsümde çempionlygy “Molde” toparyna aldyran “Bude-Glimt” taryhynda 3-nji gezek “Eliteserien”-iň çempiony bolmagy başardy. 2-nji ýerdäki Brann toparyndan 9 utuk öňe saýlanan Bude şäheriniň wekili mundan öň 2020-nji we 2021-nji ýyllarda çempionlyk gazanypdy. Çempionatda 2-nji ýer ugrunda “Brann”, “Tromsö”, “Wiking” klublary göreş alyp barýar.

Norwegiýanyň çempionatynda iň köp çempionlyk gazanan topar “Rosenborg” kluby bolup, olaryň 26 çempionlygy bar. 2-nji ýerde irki ýyllarda 1930-1960-njy ýyllarda 9 gezek çempionlyk gazanan “Fredrikstad” topary bar. Soňky sapar 1991-nji ýylda çempion bolan “Wikingiň” 8, “Molde”, “Lilleström” hem-de “Walerenga” toparlary-da 5 gezek çempion diýen ady eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Bäş ýyldan soň çempion üýtgeýär
Bäş ýyldan soň çempion üýtgeýär
Bäş ýyldan soň çempion üýtgeýär
UEFA Çempionlar ligasy barada gyzykly maglumatlar
Çempionlar ligasynyň 3-nji saýlama tapgyry
UEFA Ýewropa ligasynda toparçalardaky 5-nji oýunlaryň netijeleri: